Belgiýada ýaragly hüjüm guraldy

Wakada 3 adam ýogaldy

981370
Belgiýada ýaragly hüjüm guraldy

Belgiýanyň gündogaryndaky Liege şäherinde guralan ýaragly hüjümde 2-si polisiýa işgäri bolan jemi 3 adam ýogaldy.

Liege şäheriniň merkezinde bir adam polisiýa işgärlerine od açdy.

Hüjümde 2 polisiýa işgäri bilen ýoldan geçip barýan 1 adam ýogaldy.

Gaçan hüjümçi golaýdaky bir mekdepde işleýän işgäri zamun aldy.

Ol ýerde hem 2 polis ýaralandy.

Hüjümçi birnäçe wagt soň od açylyp, täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Polisiýa gullugy wakanyň bolen ýerinde howpsyzlyk çärelerini gördi.  



Degişli Habarlar