Fransiýada demirýolçylar ýene iş taşlady

Fransiýanyň Milli demirýol  edarasynyň işgärleri reforma bukjasyna garşylyk görkezmek üçin ýene iş taşlady

980548
Fransiýada demirýolçylar ýene iş taşlady

Demirýolçylaryň hepdäniň 5 iş gününiň ikisinde iş taşlaýyş yglan etmegi gündelik durmuşa ýaramaz täsirini ýetirýär.

Demirýolçylar aprel aýynda başladan iş taşlaýyşlaryny iýun aýynyň ahyryna çenli dowam etdirmegi meýilleşdirýär.

Milli Mejlisde döwlet eýeçiligindäk demirýol edarasynyň hususylaşdyrylmagy barada karar kabul edilipdi.

Reforma taslamasy hem üstümizdäki hepde Senadyň gün tertibine getirler.

Reforma taslamasynyň iýul aýynyň başyna çenli tassyklanmagyna we güýje girmegine garaşylýar.

Demirýol edarasynyň hususylaşdyrylmagy sebäpli 120 müň gullukçynyň işden çykaryljakdygy nygtalýar.

Gullukçylar şol sebäpli hem Prezident Emmanuel Makronyň reforma taslamasyna garşy ýöriş geçirýär.

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar