“Dünýä syýasaty maşgala firmasy ýaly dolandyrylmaz”

Kneissl ORF radio-telewideniýe guramasyna beren beýanatynda ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan çekilmegini tanky etdi

980163
“Dünýä syýasaty maşgala firmasy ýaly dolandyrylmaz”

Awstriýanyň Daşary işler ministri Karin Kneissl ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň 2015-nji ýylda gazanylan ýadro ylalaşygyndan çekilmegine garşylyk görkezdi we “Dünýä syýasaty maşgala firmasy ýaly dolandyrylmaz” diýdi.

Kneissl ORF radio-telewideniýe guramasyna beren beýanatynda ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan çekilmegini tanky etdi.

Eýran bilen gazanylan ýadro ylalaşygynyň ähmiýetine ünsi çeken Kneissl, ABŞ-nyň ylalaşykdan çekilýändigine garamazdan ýadro ylalaşygynyň dowam etdirilmelidigini aýtdy.

ABŞ-dan daşary ylalaşyga gol goýan beýleki ýurtlaryň ylalaşygy dowam etdirmelidigini aýdan Kneissl ylalaşykdan çekilmegiň ýaraglanma meselesinde ynamsyzlyga sebäp boljakdygyna ünsi çekdi.

Kneissl Eýranyň ýadro ylalaşygynyn dowam etdirilmegi üçin tagalla edýändigini nygtady.

Soňky döwürde käbir dartgynlyklaryň başdan geçirilmeginde ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň wakalary ykdysady taýdan seljermeginiň sebäp bolandygyny ýatladan Kneissl “Dünýä syýasaty maşgala firmasy ýaly dolandyrylmaz” diýip belledi.

 

 



Degişli Habarlar