ABŞ-nyň we Hytaýyň wekilleri söwda krizisiniň çözülmegi üçin üçünji gezek duşuşar

He bilen Rossyň iýun aýynyň 2-4-i aralygynda Hytaýda duşuşmagy barada ylalaşyk gazanyldy

979057
ABŞ-nyň we Hytaýyň wekilleri söwda krizisiniň çözülmegi üçin üçünji gezek duşuşar

 

ABŞ-nyň Söwda ministri Wilbur Ross söwda krizisiniň çözülmegi üçin geljek aýyň başynda Hytaýa sapar gurar.

Hytaýyň resmi Şinhua habarlar gullugynda berlen habara görä, Hytaýyň Wise-premýeri Liu He ABŞ-nyň Söwda ministri Ross bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Telefon söhbetdeşliginde He bilen Rossyň iýun aýynyň 2-4-i aralygynda Hytaýda duşuşmagy barada ylalaşyk gazanyldy.

Iki ýurduň arasyndaky söwda düşnüşmezligi üstümizdäki hepde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň awtomobil we ýük ulagy importy meselesinde milli derňew işiniň gozgaljakdygy hakyndaky beýanatyndan soň has-da çuňlaşdy.

Derňew işi Hytaý bilen birlikde Kanada, Meksika, Ýaponiýa we Germaniýa ýaly ABŞ-nyň hyzmatdaşlaryna gümrük salgytlarynyn goýulmagyna sebäp bolup biler.

ABŞ bilen Hytaýyň arasynda üstümizdäki aýyň ortalarynda Waşingtonda geçirlen soňky gepleşikde Hytaý, amerikan ekerançylyk we energetika önümleriniň alynmagyny artdyrmagy kabul edipdi.

 



Degişli Habarlar