Yrakda hökümet gurmak üçin işe girişildi

Yrakda 12-nji maýda geçirlen saýlawyň resmi netijeleriniň beýan edilmeginden soň hökümet gurmak üçin işe girişildi

975325
Yrakda hökümet gurmak üçin işe girişildi

Saýlawyň ýeňijisi Şaýy lider Mukteda As Sadr tarapyndan goldanýan Sairun hyzmatdaşlygynyň, Haşdi Şabiýe bagly Fetih, Premýer ministr Haýdar Al Abadiniň Nasyr we Ammar Al Hekimiň Milli hikmet hyzmatdaşlygy bilen 4 partiýaly şäriklik hökümeti gurjakdygy nygtaldy.

Ammar Al Hekim tarapyndan goldanýan we täze parlamentde 20 halk deputaty bilen wekilçilik etjek Milli hikmet hyzmatdaşlygynyň metbugat geňeşçisi Muhammed Jemil Maýýahi “Birnäçe günüň içinde Sairun, Fetih, Milli hikmet we Nasyr hyzmatdaşlygyndan ybarat 4 partiýaly şäriklik hökmeti gurlar” diýdi.

Saýlawda Sadr tarapyndan goldanýan Sairun hyzmatdaşlygy 329 kürsüli mejlisde 54 halk deputaty bilen wekilçilik eder.

Hadi Al Amiriniň ýolbaşçylygyndaky Fetih hyzmatdaşlygy 47, Premýer ministr Haýdar Al Abadiniň ýolbaşçylygyndaky Nasyr hyzmatdaşlygy hem 42 kürsü bilen wekilçilik eder.

Kerkukda 3 kürsä eýe bolan türkmenler bolsa saýlawda galplyk edilendigini öňe sürýär we protest ýörişlerini geçirýär.

 



Degişli Habarlar