Paragwaý hem ilçihanasyny Iýerusalime göçürdi...

ABŞ we Gwatemaladan soň Paragwaý hem Ysraýyldaky ilçihanasyny Tel-Awiwden Iýerusalime göçürdi

975639
Paragwaý hem ilçihanasyny Iýerusalime göçürdi...

Paragwayň Iýerusalimdäki ilçihanasy geçirilen resmi dabaradan soň hyzmat bermäge başlady.

Ilçihananyň açylyş dabarasyna Paragwaýyň Prezidenti Orasio Kartes we Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu bilen birlikde Ysraýylyň käbir ministrleri gatnaşdylar.

Paragwaý ABŞ we Gwatemaladan soň Tel-Awiwdäki ilçihanasyny Iýerusalime göçüren 3-nji ýurt boldy.

ABŞ-niň Iýerusalimdäki ilçihanasy 14-nji maýda Prezident Donald Trampyň gyzy Iwanka Trampyň we giýewsi Jared Kuşneriň gatnaşmagynda geçirilen dabara bilen açylypdy.

Gwatemala bolsa 16-njy maýda Tel-Awiwdäki ilçihanasyny Iýerusalime göçüripdi.



Degişli Habarlar