Yrak türkmenleri Yragyň saýlaw geňeşine garşy gol ýygnama kampaniýasyny başlatdy
Kampaniýa iki gün ozal başlandygyna garamazdan 160 müňden gowrak adam gol goýdy
Yragyň Kerkuk şäherinde saýlawlarda galplyk edilendigi sebäpli protest ýörişini geçirýän türkmenler, Yragyň saýlaw geňeşine garşy gol ýygnama kampaniýasyny başlatdy.
Yrak Türkmen frondynyň Ýaşlar guramasynyň agzasy Ali Tazehurmatulu 12-nji martda Yrakda geçirlen saýlawlarda galplyk edilendigini BMG-na şikaýat etmek üçin gol ýygnama kampaniýasyny başladandyklaryny aýtdy.
Tazehurmatulu kampaniýanyň iki gün ozal başladylandygyna garamazdan 160 müňden gowrak adamyň gol goýandygyna ünsi çekdi we şol sanyň 200 müňe ýetirilmegini maksat edinýändiklerini nygtady.
Tuzhurmatulu kampaniýanyň saýlawlarda galplyk edilendigini bütin dünýä ýetirmegi maksat edinýändigini belledi.
Kerkukly Ahmet Muhammet birnäçe günden bäri protest ýörişini geçirýän türkmenleriň ýeke-täk isleginiň hak-hukuklarynyň basgylanmazlydygyna ünsi çekdi.
Yragyň Kerkuk şäherinde ýaşaýan türkmenler 12-nji maýda şenbe güni geçirlen saýlawlarda galplyk edilendigi sebäpli protest ýörişini başladypdy.
Degişli Habarlar
Liwanda Ýogalanlaryň Sany 558 Adama Ýetdi
Liwanyň Bilim ministrligi, ýurtda mekdeplarde okuwa arakesme berlendigini habar berdi
Eýranda Bolan Partlamada Ýogalanlaryň Sany 49 Adama Ýetdi
Günorta Horasan welaýatynyň Tebes etrabynda kömür käninde 21-nji sentýabr gijesi partlama bolupdy.