Indoneziýada ýene-de bir bombaly hüjüm guraldy

Bu guralan hüjümde bolsa 7 adam ýogaldy

969983
Indoneziýada ýene-de bir bombaly hüjüm guraldy

Indoneziýanyň Surabaýa şäherindäki Polisiýa gullugynyň merkezine garşy guralan bombaly hüjümde 7 adam ýogaldy.

Jakarta Post gäzediniň berýän habaryna görä Gündogara Ýawanyň Içeri işler müdürliginiň metbugat geňeşçisi Frans Barung Mangera Surabaýa şäheriniň Sikatan köçesindäki Polisiýa gullugynyň merkezine garşy bombaly hüjümiň guralandygyny we ilkinji kesgitlemelere görä 7 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Beýleki tarapdan Mangera düýn Surabaýa şäherinde 3 aýry ybadathana guralan we 13 adamyň ýogalmagy, 41 adamyň ýaralanmagy bilen netijelenen bombaly hüjümden soň, Sidoardžoda hem elden ýasalan bir bombanyň tötänden partlamagy netijesinde 3 adamyň ýogalandygyny mälim etdi.

Bombanyň hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän 3 çagaly bir maşgalanyň öýünde partlandygyny, partlamada ene-atasynyň we bir çaganyň ýogalandygyny aýdan Mangera ýaraly ýagdaýda halas bolan 2 çaganyň bolsa bejergi edilmek üçin hassahana ýatyrylandygyny beýan etdi.

Polisiýa gullugy ybadathanalara guralan hüjüm bilen Sidoardžoda bolan partlamanyň arasynda arabaglanşygyň bardygyny anyklandyklaryny habar berdi.



Degişli Habarlar