Fransiýanyň paýtagty Parižde pyçakly hüjüm guraldy

Wakada 1 adam ýogaldy

969528
Fransiýanyň paýtagty Parižde pyçakly hüjüm guraldy

Fransiýanyň paýtagty Parižde guralan pyçakly hüjümde 1 adam ýogaldy, 2-siniň ýagdaýy agyr jemi 4 adam bolsa ýaralandy.

Parižiň Içeri işler müdürliginden berilen beýanatda ýurdyň paýtagty Prižiň Opera meýdançasynyň golaýynda şübhe astynda bolan bir adamyň adamlara pyçak bilen hüjüm gurandygy habar berildi.

France Info kanaly hüjümçiniň Polisiýa gullugynyň işgärleri tarapyndan od açylyp täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim etdi.

Içeri işler ministri Gerard Kollomb howpsyzlyk güýçlerini hüjümçini tiz ýagdaýda täsirsiz ýagdaýa getirendikleri sebäpli gutlady.

Hüjümçiniň şahsyýeti barada maglumat berilmedi.

Parižiň prokurorynyň wakanyň bolan ýerine gidendigi we metbugat ýygnagyny geçirjekdigi beýan edildi.


Etiketkalar: #Pariž , #Fransiýa , #hüjümçi

Degişli Habarlar