Yrakda umumy saýlawlar geçirilýär

Yrakda umumy saýlawlar üçin döredilen saýlaw merkezlerinde ses bermek işleri başlandy

969114
Yrakda umumy saýlawlar geçirilýär

Ýurdyň paýtagty Bagdat bilen birlikde Yragyň Kürt Awtonomiýasynda we ýurdyň beýleki şäherlerinde döredilen saýlaw merkezleri şu gün irden daň bilen saýlawçylar üçin açyldy.

Yragyň Garaşsyz Ýokary saýlaw komissarlygy şu gün irden sagat 07:00-da başlan ses bermek işleriniň, agşam sagat 19:00-a çenli dowam etjekdigini habar berdi.

Ses bermek işleriniň barmaklaryň yzy we elektron ýagdaýda geçirilmegi sebäpli saýlawçylar ses bermek işleriniň uzap gitjekdigini göz öňünde tutup ir bilen saýlaw merkezlerine bardylar.

37 million ilatly Yrakda bellige alynan takmynan 24 million saýlawçy bar.


Etiketkalar: #Yrak , #saýlaw , #ses bermek

Degişli Habarlar