Ýemende türk ýük gämisine raketaly hüjüm guraldy

Gämä uly zeper ýetdi

969279
Ýemende türk ýük gämisine raketaly hüjüm guraldy

Husileriň gözegçiligi astyndaky Saleef portyna 50 müň tonna bugdaý alyp barýan Inje Inebolu gämisi Gyzyl deňizde düýn gije raketaly hüjüme sezewar boldy.

Gämä uly zeper ýetdi.

Hüjümde hiç kim ýaralanmady.

Gäminiň kapitanyň hüjüm guralandygy barada maglumat bermeginden soň Saud Arabystanynyň öňbaşçylyk etmegindäki koalisiýa güýçleri herekede geçdi.

Raketaly hüjümiň guralandygyny gäminiň degişli bolan Inje Şipping firmasynyň resmileri tarapyndan hem tassyklandy.

Üstünde Saud Arabystanly 8 esger bolan gäminiň Saud Arabystanynyň hökümetiniň görkezjek portyna alynyp gidiljekdigi mälim edildi.

Raketanyň haýsy tarapdan atylandygy entek anyklanmady.

Saud Arabystany raketanyň haýsy ýurda degişlidigini derňeýär.



Degişli Habarlar