Sabyrsyzlyk bilen garaşylýan taryhy duşuşyk 12-nji iýunda bolar

Donald Tramp bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim 12-nji iýunda Singapurda duşuşar

968428
Sabyrsyzlyk bilen garaşylýan taryhy duşuşyk 12-nji iýunda bolar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kimiň 12-nji iýunda Singapurda duşuşjakdygy habar berildi.

Donald Tramp ady agzalýan duşuşyk barada Twitter arkaly beýanat berdi.

Tramp “Sabyrsyzlyk bilen garaşylýan duşuşyk 12-nji iýunda Singapurda bolar. Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen Singapurda duşuşaryn. İkimiz hem bu duşuşygyň dünýäniň parahatçylygy üçin öwrülşik nokady bolmagy üçin tagalla ederis” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Demirgazyk Koreýa tarapyndan zamun alynan 3 amerikalyny düýn gije Waşingtonda garşylapdy we zamun alynan 3 amerikalynyň boşadylmagy sebäpli Demirgazyk Koreýanyň liderine sag bolsun aýdypdy.

Günorta Koreýanyň Prezidenti Mun İn bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Un bolsa 27-nji aprelde duşuşypdy.

Liderler Koreýa Ýarymadasynda yzygiderli parahatçylygyň üpjün edilmegi meselesinde ylalaşyk gazanypdy.

 



Degişli Habarlar