Demirgazyk Koreýa: ABŞ basyşyndan we harby hemlelerinden ýüz öwürmeli

Demirgazyk Koreýa ABŞ-niň özüne garşy basyşyndan we harby hemlelerinden ýüz öwürmelidigini nygtady

964949
Demirgazyk Koreýa: ABŞ basyşyndan we harby hemlelerinden ýüz öwürmeli

Demirgazyk Koreýanyň Daşary işler ministrliginiň bir resmisi Demirgazyk Koreýanyň KCNA habarlar agentligine beren beýanatynda ABŞ-niň hemlesiniň we basyşynyň ýadro programa bilen baglanşykly meseläniň çözüwine goltgy bermejekdigini nygtady.

Daşary işler ministrliginiň resmisi  Koreýa ýarym adasynda parahatçylyk we agzybirlik üçin ädimler edilýän mahaly, ABŞ-nyň Demirgazyk Koreýany bilksatlaýyn küşgürtmäge synanyşýandygyny öňe sürdi.

ABŞ-niň jemgyýeti ýalňyş ugrukdyrýandygyny aýdan Demirgazyk Koreýaly resmi ABŞ-niň Demirgazyk Koreýanyň ýarym adanyň ýadro ýaraglardan saplamak bilen bagly niýetini basyşlarynyň we sanksiýalarynyň netijesinde ýola goýan ýaly täsir döretmäge synanyşýandygyny belledi.



Degişli Habarlar