Owganystanda BBC kanalynyň işgäri öldürildi

Britaniýanyň BBC kanalynyň işgäri Ahmed Şah Owganystanyň Host welaýatynda öldürildi

961739
Owganystanda BBC kanalynyň işgäri öldürildi

Host welaýatynyň Içeri işler müdürliginiň işgäri Abdul Hannan BBC kanalynyň 29 ýaşly işgäri Ahmed Şahyň welaýatyň Manduhil diýilen ýerinde öldürilendigini habar berdi.

Ahmed Şahyň hüjümde ýogalandygyny aýdan Hannan waka bilen baglanşykly derňew işini başladylandygyny habar berdi.

Ahmed Şah 1 ýyl bäri BBC kanalynda işleýärdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok.



Degişli Habarlar