Liwiýada harby ýük uçar ýere gaçdy

Wakada 5 adam ýogaldy

960773
Liwiýada harby ýük uçar ýere gaçdy

Liwiýanyň paýtagty Tripoliniň günorta-günbatarynda harby ýük uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 5 adam ýogaldy.

Şerare nebit ýatagyndaky resmileriň birinden alynan maglumata görä ýurdyň paýtagty Tripoli şäherine gitmek üçin ýola çykan Liwiýanyň Ýaragly güýçlerine degişli ýük uçarynyň uçanyndan birnäçe minut soň nebit ýatagyndaky howa menzliniň golaýyna gaçandygyny habar berdi.  

Uçardaky 6 adamyň diňe 1-i halas boldy.

Howpsyzlyk çeşmeleri ýük uçarynyň nebit ýataklaryna tehniki enjam daşandygyny beýan etdi.

Tehniki enjamlaryň ýurdyň Sebha şäherinde başdan geçirilýän çaknyşyklar sebäpli howadan daşalýandygy bellendi.


Etiketkalar: #Liwiýa , #uçar , #nebit

Degişli Habarlar