Ysraýylyň Goranmak ministri ABŞ-da saparda bolýar

Ysraýylyň Goranmak ministri Awigdor Liberman ABŞ-da saparda bolýar

959767
Ysraýylyň Goranmak ministri ABŞ-da saparda bolýar

Awigdor Liberman resmi saparynyň çäginde ABŞ-nyň Goranmak ministri Mettis bilen duşuşdy.

ABŞ bilen Ysraýylyň arasyndaky özara gatnaşyklar we sebitara meseleler barada pikir alyşan iki ministr, duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi.

Beýanatynda ABŞ bilen Ysraýylyň arasyndaky güýçli gatnaşyklara ünsi çeken Mettis “Prezident Reýgeniň 1982-nji ýylda belläp geçişi ýaly ABŞ Ysraýyldan asla ýüz öwürmez we Ysraýyla goldaw bermäge dowam eder” diýdi.

ABŞ bilen Ysraýylyň arasyndaky harby gatnaşyklaryň güýçlenmek bilen dowam edýändigini aýdan Mettis, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Eýrana garşy Ýakyn Gündogarda howpsyzlygy we durnuklylygy üpjün etjekdigini nygtady.

 

 



Degişli Habarlar