Fransiýanyň Prezidenti Makron ABŞ-da saparda bolýar

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron resmi sapar bilen ABŞ-na bardy

957766
Fransiýanyň Prezidenti Makron ABŞ-da saparda bolýar

Makron 3 günlük resmi saparynyň çäginde Prezident Donald Tramp bilen Ak Tamda duşuşdy.

Eýran bilen baglaşylan ýadro şertnamasynyň bes edilmezligi meselesi Makronyň saparynyň gün tertibinde esasy orun eýeleýär.

Siriýa meselesinde alnyp baryljak syýasat bilen ABŞ-nyň Hytaýyň başda durmagynda beýleki ýurtlara  garşy başladan söwda söweşi meselesi hem Tramp-Makron duşuşygynda esasy orun eýelär.

Fransiýanyň Prezidenti Waşingtona gitmezinden ozal Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçiripdi.

Fransiýanyň Prezidenti ABŞ-na guraýan saparyndan soň Russiýada saparda bolar.

Resmi Waşington bolsa Makrondan soň Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeli myhman alar.

 


Etiketkalar: #Fransiýa , #sapar , #ABŞ , #Eýran

Degişli Habarlar