ABŞ, Britaniýa we Fransiýa Siriýa garşy harby hüjüm başlatdy

"Britaniýa we Fransiýa bilen bilelikde harby hüjüm başlatdyk"

951114
ABŞ, Britaniýa we Fransiýa Siriýa garşy harby hüjüm başlatdy

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp “Amerikan güýçlerine Siriýada diktator Başar Asadyň himiki ýarag mümkinçiligine eýe bolan ýerleriniň anyklanylmagy we hüjüm guralmagy görkezmesini berdim. Britaniýa we Fransiýa bilen bilelikde harby hüjüm başlatdyk. Harby hüjüme goldaw berýän Britaniýa we Fransiýa sag bolsun aýdýarys” diýdi.

Asadyň 1 ýyl ozal hem öz halkyna garşy himiki hüjüm gurandygyny aýdan Tramp, şol hüjümden soň ABŞ-nyň Siriýanyň hökümetiniň howa güýjüniň 20 göterimini ýok edendigini ýatlatdy.

Prezident Tramp Asada goldaw berýän Russiýa bilen Eýrana hem möhüm ýüzlenme berdi.

Tramp “Asada ähli taraplaýyn goldaw berýän Eýran bilen Russiýa  möhüm ýüzlenme bermek isleýärin. Kim öz halkyny, bi günä zenanlary, çagalary we erkekleri köpçülikleýin öldüren adam bilen aragatnaşyk eder. Hiçbir döwlet diktatorlary goldamak bilen öz barlygyny uzak dowam etdirip bilmez” diýdi.

ABŞ-nyň Goranmak ministri Mettis hüjümiň diňe “1 gezeklik” guralandygyny aýtdy.

Mettis “Bu ýyl geçen ýylky hüjüm bilen deňeşdirilende has köp ýarag ulandyk. Esasy nokatlar ünslilik bilen nyşana alyndy. Hüjümiň gaty agyrdygyny aýdyp bilerin” diýdi.

ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy goşun generaly Dunford bolsa Russiýa öňünden maglumat berilmändigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar