Başar Asad harby bazalaryny boşaldýar

Siriýada Başar Asada garşy guralmagy ähtimal amerikan hüjümler sebäpli ýurdyň paýtagty Damaskdaky we Homsdaky bazalar boşaldylýar

950090
Başar Asad harby bazalaryny boşaldýar

Asada bagly güýçler Damaskyň gündogaryndaky Gündogar Gutanyň Duma etrabyna şenbe güni guralan we 83 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen himiki hüjümden soň gün tertibe gelen ABŞ-nyň guramagy ähtimal hüjümlerine garşy çäre görmäge başlady.

Asada bagly güýçler Damaskyň golaýyndaky we Homsdaky bazalardaky hürby güýjüniň ýerini üýtgedýär.

Damaskyň gündogaryndaky Kalamun diýilen ýerde ýerleşýän Dumeýr we Es-Sin bazalarynda ýerleşdirilen Eýran tarapyndan goldanýan daşary ýurtly güýçler Liwan serhedine tarap hereket etmäge başlady.

Homsdaky T4 howa bazasyndaky söweşijiler hem ýurdyň günortasyndaky Dera we Liwan serhedine gönükdi.

Asada bagly güýçler IL-76 we SU kysymly işjeň uçarlaryny Latakiýadaky Russiýa tarapyndan ulanylýan Hymeýmin bazasyna we Hama harby howa bazasyna iberdi.


Etiketkalar: #Başar Asad , #Damask , #Homs , #baza

Degişli Habarlar