Putin Netanhaýu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Putin, "Siriýadaky şertleri has-da durnuksyzlaşdyry çemeleşmerden çetde durulmagy barada çagyryş etdi”

949565
Putin Netanhaýu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netaýahuny Siriýadaky şertleri has-da durnuklaşdyrjak çemeleşmelerden çetde durmaga çagyrdy

Kremlden berilen ýazmaça beýannama görä telefon arkaly söhbetdeş bolan Putin we Netanýahu Ysraýylyň harby uçarlarynyň duşenbe güni Siriýanyň Humus etrabyndaky Tifor harby howa bazasyny bombalamagy barada pikir alyşdy.

Beýannamada; “Siriýanyň özygtyýarlylygyna sarpa goýulmagynyň möhümdigine ünsi çeken Putin, Siriýadaky şertleri has-da durnuksyzlaşdyry çemeleşmerden çetde durulmagy barada çagyryş etdi” diýilýär.

Russiýanyň Goranmak ministri hepdäniň başynda Ysraýyla degişli 2 sany F-15 harby uçaryň Siriýanyň howa giňişligine girmezden Tifor harby howa bazasyna 8 raketa atandygyny habar beripdi.

Tifor harby howa menzili hökümetiň, esasanda soňky döwürde Gündogar Gutadaky himiki ýaraglar bilen hüjüm guraýan uçarlaryň uçýan bazasy.

 



Degişli Habarlar