Donald Tramp Siriýa bilen bagly ýene-de bir beýanat berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Twitter hasabyndan Siriýa bilen bagly beýanat berdi we “Edil şu wagtam hüjüm gurap bileris, hiç guramanam bileris” diýdi

949990
Donald Tramp Siriýa bilen bagly ýene-de bir beýanat berdi

Donald Tramp düýn gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleriniň birine öwrülen tweetlerinden soň şu gün ýene-de bir beýanat berdi.

Donald Tramp: “Siriýa haçan hüjüm gurajakdygymyzy aýan etmedim. Edil şu wagtam hüjüm gurap bileris, hiç guramanam bileris. Näme diýseňem meniň ýolbaşçylygymdaky Amerikan hökümeti sebitden DAIŞ-i çykarmak üçin uly işler etdi.  Mynasyp bolan sözlerimiz bolan Minnetdar Amerika sözleri nirede?” diýip belledi.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp Siriýanyň Duma etrabynda 7-nji aprelde guralandygy öňe sürülen himiki hüjüm bilen bagly habarlardan soň ilki bilen Siriýanyň Prezidenti Başar Asada haýwan diýipdi.

Düýn hem beýanat beren Tramp: “Russiýa Siriýa guraljak islendik raketany ýok etjekdigini belledi. Onda taýar bol Russiýa, sebäbi raketalar gelýär, hemem iň gowy, täze we döwrebaplary gelýär. Öz halkyny öldürýän we ondan lezzet alýan gaz ganhory haýwan bilen hyzmatdaş bolmaly däldiňiz” diýip nygtapdy.

ABŞ-nyň Prezidenti bu beýanatyndan takmynan 40 minut soň bolsa ýene-de bir tweet ýazyp: “Russiýa bilen bolan gatnaşyklarymyz Sowuk söweş zamanyndakydan hem erbet. Bu hiçem gerek ýagdaý däldi. Russiýanyň ykdysady taýdan goldawa mätäçligi bar, biz bolsa şol ýeňilligi üpjün edip bileris. Bilelikde işleşmelidiris. Ýarag ýaryşyny bir gyra aýyralyň” diýip belläpdi.


Etiketkalar: #Donald Tramp , #Russiýa , #Duma

Degişli Habarlar