Russiýa ABŞ-na Siriýa meselesinde çagyryş etdi

Russiýanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Wassili Nebenziýa ABŞ-nyň Siriýa edýän abaý-syýasatynyň hemmeleri aladalandyrmalydygyny beýan etdi

948622
Russiýa ABŞ-na Siriýa meselesinde çagyryş etdi

Nebenziýa BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşinde Siriýadaky himiki ýarag ulanşygy barada derňew işiniň geçirilmegi boýunça biri ABŞ, iki sanysy Russiýa tarapundan hödürlenen 3 taslamanyň hem weto edilmeginden soň sözlän sözünde, ABŞ-ny Siriýa garşy meýilleşdirýän ähli aksiýalaryndan el çekmäge çagyrdy.

Baş ilçi Nebenziýa; “Siriýa garşy atýan hemleleriňiz ählimizi çynlakaý aladalandyrmaly. Çünki gynandyryjy we pajygaly wakalar ýüze çykyp biler. Sizi ýene-de bir gezek Siriýa boýunça meýilleşdiren aksiýalaryňyzdan el çekmäge çagyrýaryn” diýdi.

ABŞ-nyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Nikki Heli bolsa Russiýanyň Siriýada himiki ýaraglaryň ulanylmagyny ýazgarýan we çäre görülmegini talap edýän karar taslamasyny 6-njy gezek weto edendigini aýtdy.

Heli; “Näme edenimizde-de Russiýa oýunlary oýnamaga dowam eder” diýdi.

Britaniýanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Karen Piers bolsa Russiýanyň weto ygtyýaryndan hyýanatçylykly peýdalanmagy sebäpli BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşini çykgynsyz ýagdaýa düşürýändigini beýan etdi.

 



Degişli Habarlar