Tramp "Siriýa harby hüjüm gurap bileris"

Tramp  24 ýada 48 sagadyň dowamynda möhüm karar kabul etjekdigini belledi

947735
Tramp "Siriýa harby hüjüm gurap bileris"

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Siriýa harby hüjüm gurap biljekdiklerini aýtdy.

Tramp harby ýolbaşçylar bilen Siriýada Gündogar Gutanyň Duma etrabyna guralan himiki ýarag hüjümi meselesini ara alyp maslahatlaşandygyny we  24 ýada 48 sagadyň dowamynda möhüm karar kabul etjekdigini belledi.

Mesele hakynda harby ýolbaşçylar bilen pikir alyşandygyny aýdan Trampyň ähli alternatiwleriň seljerilýändigi barasyndaky sözleri, “Siriýa harby hüjüm guramak üçin taýarlyk görülýär” diýlip analiz edildi

Tramp “gelşiksiz hüjüm” diýen wakasynyň aňyrsynda “Russiýa barmy, Eýran warmy, Siriýa barmy ýada bilelikde hereket etilermi muny anyklarys” diýdi.

Trampyň metbugata beýanat berýän pursatlarynda ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy “Bu zulum kabul edilip bilinmez we netijesi agyr bolar” diýip beýanat berdi.

Siriýada Gündogar Gutanyň Duma etrabynda şenbe güni guralan himiki ýarag hüjüminde çagalar bilen birlikde asuda ilatdan 73 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar