"Saud Arabystany Ýemeni krizisini çözmek isleýän bolsa Eýran bilen hyzmatdaşlyk edip biler”

Zarif BBC Arapça kanalyna beren beýanatynda Ýemen krizisi barada maglumat berdi

947359
"Saud Arabystany Ýemeni krizisini çözmek isleýän bolsa Eýran bilen hyzmatdaşlyk edip biler”

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jawad Zarif Ýemen krizisini çözmek maksady bilen başyndan bäri Saud Arabystany bilen gepleşik geçirmek isländiklerini emma Riýadyň tekliplerine garşy çykandygyny nygtady.

Zarif BBC Arapça kanalyna beren beýanatynda Ýemen krizisi barada maglumat berdi.

Zarif “2013-nji ýylyň sentýabr aýynda başlan Ýemen krizisiniň ilkinji günlerinden bäri dartgynlygyň ortadan aýrylmagy maksady bilen Saud Arabystanynyň ozalky Daşary işler ministri Saud Al Faýsala hat ýazdym emma oňyn jogap alyp bilmedim we kärdeşim Arap dünýäsindäki kynçylyklaryň Eýran bilen arabaglanşygynyň ýokdygyny aýtdy” diýdi.

“Saud Arabystanynyň Ýemende gysga wagtda ýeňiş gazanjakdyklaryna ynanandygy sebäpli Eýranyň teklibine garşy çykandygyny” aýdan Zarif, Saudy güýçleri Ýemeni basyp alandan soň, hüjümleriň bes edilmegi we Ýemenli toparlar bilen göniden gepleşik geçirmek baradaky teklipleriniň ýene-de kabul edilmändigini belledi.

Eýranyň Daşary işler ministri Zarif “Ýemen krizisi 4 ýyldan bäri dowam edýär we asuda ilatdan köp sanly adam ýogaldy. Ýemendäki dartgynlygyň syýasy taýdan çözülmek mümkinçiligi bar. Saud Arabystany krizisi parahatçylykly ýollardan çözmek isleýän bolsa Eýran bilen hyzmatdaşlyk edip biler” diýdi



Degişli Habarlar