Putin 11 generaly wezipesinden boşatdy

Putin tarapyndan tassyklanan karara laýyklykda generallar bilen birlikde 11 ofiser hem wezipesinden boşadyldy

946201
Putin 11 generaly wezipesinden boşatdy

 

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Içeri işler ministrliginden 4, Derňew komitetinden 5, Federal tussaghana gullugyndan 1 we Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginden hem 1 bolmak bilen jemi 11 generaly wezipesinden boşadandygy habar berildi.

Rus lideri Putin tarapyndan tassyklanan karara laýyklykda generallar bilen birlikde 11 ofiser hem wezipesinden boşadyldy.

Russiýanyň Kemerowo şäherinde 25-nji martda dynç alyş we söwda merkezinde bolan ýangynda esasy bölegi çagalardan ybarat 64 adam ýogalypdy.

Wladimir Putin ýangynyň sebäbini “jogapkärçiliksiz” hökmünde häsiýetlendiripdi.

 



Degişli Habarlar