Gürjistanda düýn bolan magdan heläkçilikde ýogalan 6 işçi üçin bir günlük milli ýas yglan edildi

Mindeli kömür käninde düýn bolan heläkçilikde 6 magdan işçisi ýogalypdy, 3 işçi hem agyr ýaralanypdy

945613
Gürjistanda düýn bolan magdan heläkçilikde ýogalan 6 işçi üçin bir günlük milli ýas yglan edildi

Gürjistanyň Tkbiluli şäherindäki Mindeli kömür käninde düýn bolan heläkçilikde ýogalan 6 işçi üçin bir günlük milli ýas yglan edildi.

Mesele hakynda Gürjistanyň Premýer ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, düýn bolan magdan heläkçiliginde ýogalanlar üçin bir günlik milli ýasyň yglan edilendigi nygtaldy.

Karardan soň  ýurduň çar tarapynda baýdaklar ýarysyna çenli aşakladyldy.

Mindeli kömür käninde düýn bolan heläkçilikde 6 magdan işçisi ýogalypdy, 3 işçi hem agyr ýaralanypdy.

 

 

 



Degişli Habarlar