ABŞ-da kazylardan biri Saud Arabystanyna garşy jenaýat işiniň gozgalmalydygy barada höküm çykardy

ABŞ-daky kazylardan biri 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndaky hüjümlerde ejir çekenleriň hossarlarynyň Saud Arabystanyna garşy jenaýat işini gozgap biljekdigi barada höküm çykardy

940344
ABŞ-da kazylardan biri Saud Arabystanyna garşy jenaýat işiniň gozgalmalydygy barada höküm çykardy

2016-njy ýylda çykarylan “Terrorizme goldaw berýänlere garşy adalat” atly kanunda 11-nji sentýabrdaky hüjümlerde ýogalanlaryň hossarlarynyň Saud Arabystanyna garşy jenaýat işini gozgamagyna şert döredilipdi.

Saud Arabystany bolsa şol kanuna reaksiýa bildirip, kazyýete ýüz tutupdy.

Manhattan ştatynyň kazysy Jorj Daniels Saud Arabystanynyň işlegini kabul etmän, pida bolanlaryň hossarlarynyň jenaýat işini gozgamagy we öwezinde Saud Arabystanyndan puşmana tölegini almagy barada höküm çykardy.

Kazy Daniels hökümine esas hökmünde jenaýat işini gozgan köp sanly adamyň aýyplawnamalaryny görkezdi.

2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda ýerleşýän Bütindünýä söwda merkezi bilen Pentagyna we Pensilwaniýa guralan hüjümlerde 3 müňe golaý adam pida bolupdy.

Hüjümleri guran 19 adamdan 15 sanysy Saud Arabystanynyň raýatydy.

Saud Arabystanynyň hökümeti bolsa hüjümlere goşulyşandygy baradaky günäkärlemeleri kabul etmeýär.

 



Degişli Habarlar