Demirgazyk Koreýanyň lider Kim Çen Yn Hytaýda saparda boldy

Demirgazyk Koreýanyň lider Kim Çen Ynyň Hytaýa sapar gurandygy tassyklandy

939137
Demirgazyk Koreýanyň lider Kim Çen Yn Hytaýda saparda boldy

Hytaýyň paýtagty Pekinde birnäçe gün ozal ünsleri özüne çeken we içinden çykanlaryň uly ulag kerweni bilen ýola çykan otlunyň syry resmi ýagdaýda çözüldi.

Kakasy Kim Çen Iriň 2011-nji ýylyň maý aýynda ýogalmagyndan soň, Demirgazyk Koreýanyň başyna geçen Kim Çen Ynyň Hytaýa sapar gurandygy başda hytaýly resmiler tarapyndan inkär edilsede düýn tassyklandy.

Metbugata mälim bolan ilkinji resmi daşary ýurt saparyny Hytaýa guran Kim ilkinji gezek bir daşary ýurtly lider bilen duşuşyk geçirdi.

Kim Çen Yn Günorta Koreýa we ABŞ bilen aprel we maý aýlarynda geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşyklardan ozal geçirilendigi üçin ähmiýeti has hem artan saparda Ýadrosyzlaşdyrma bolan baglylygyny tassyklady.

Kim Çen Yn saparynda: “Günorta Koreýa we ABŞ tagallalarymyza gowy niýet bilen çemeleşse, parahatçylykly we durnuklylyk atmosferasyny döretse we şol bir wagtda parahatçylygyň durmuşa geçirilmegi üçin öňe gidişlik etse Koreýa ýarym adasyndaky ýadrosyzlaşdyrma meselesi çözülip biliner” diýip belledi.

ABŞ we Günorta Koreýa bilen duşuşyga taýardygyny aýdan Kim Hytaýyň lideri Si Szinpini bolsa ýurduna çagyrdy.



Degişli Habarlar