Müsür bilen Fransiýa soňky 1 aýda üçünji gezek birlikde harby türgenleşik geçirýär

Müsüriň we Fransiýanyň deňiz güýçleri üstümizdäki ýylyň 19-njy fewralynda we 13-nji martynda harby türgenleşik geçiripdi

936657
Müsür bilen Fransiýa soňky 1 aýda üçünji gezek birlikde harby türgenleşik geçirýär

 

Müsüriň we Fransiýanyň deňiz güýçleri Gyzyl deňizde soňky 1 aýda üçünji gezek birlikde harby türgenleşik geçirýär.

Müsüriň ýaragly güýçleriniň metbugat sekretary Temir Ar Rifai mesele hakynda beren ýazmaça beýanatynda Fransiýa bilen Müsüriň arasynda Gyzyl deňizde geçirilýän türgenleşikde deňizdäki minalaryň anyklanylmagy we hatardan çykarylmagy, hüjüm gämileriniň hüjümleriniň yzyna serpikdirilmegi ýaly ugurlaryň synagdan geçirilýändigini aýtdy.

Türgenleşigiň birnäçe gün dowam etjekdigini aýdan Rifai, deňiz türgenleşiginiň haçan başlandygy hakynda bolsa maglumat bermedi.

Müsüriň we Fransiýanyň deňiz güýçleri üstümizdäki ýylyň 19-njy fewralynda we 13-nji martynda harby türgenleşik geçiripdi.



Degişli Habarlar