ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp rus lider Putin bilen bagly beýanat berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine jaň edip saýlawda gazanan üstünligi bilen gutlamagyna: “Ençeme meseläniň çözgüdine goltgy berer” sözüni ulandy

934996
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp rus lider Putin bilen bagly beýanat berdi

Russiýada geçen hepdäniň ýekşenbe güni geçirilen saýlawlarda ýurdyň Prezidenti wezipesine ýaňadandan saýlanan Putini gutlamagy sebäpli, amerikan halky tarapyndan tankyt edilen Tramp Twitter hasabyndan tankydy belliklere jogap berdi.

Donald Tramp beýanatynda ýurdyň ozalky Prezidenti Barak Obamanyň hem Putine jaň edendigini ýatladyp: “Yalan habarlar mediany däldiretdi, sebäbi menden onuň derisini soýmagymy isleýärlerdi. Ýalňyşýarlar. Russiýa we beýleki ýurtlar bilen gowy gatnaşyklarda bolmak gowy zat, erbet zat däl. Olar (Russiýa) Demirgazyk Koreýa, Siriýa, Ukraina, DAIŞ, Eýran we hat-ds barha golaýlap gelýän ýaraglanma ýaryşy ýaly meseleleriň çözgüdine goltgy berip biler” diýdi.

Tramp Amerikanyň ozalky Prezidenti Buşyň hem Russiýa bilen gowy gatnaşyklar saklamak isländigini, emma paýhasly maslahatçylarynyň bolmandygyny, Obama bilen zamananyň Daşary işler ministri Hillari Klintonyň hem synanyşandygyny, emma ýeterlik derejede energiýa we himiýa eýe bolmandyklaryny belledi.

Tramp beýanatynyň ahyrynda bolsa “Güýjiň üsti bilen parahatçylyk” sözüni ulandy.



Degişli Habarlar