ABŞ-da bolan partlamada 2 adam ýaralandy

Amerikanyň Tehas ştatynyň paýtagty Ostin şäherinde bolan partlamada 2 adam ýaralandy

932708
ABŞ-da bolan partlamada 2 adam ýaralandy

Polisiýa gullugy tarapyndan berilen beýanata görä Ostin şäheriniň Trewis Kauntry etrapçasyndaky öýleriň birinde näme sebäpli bolandygy entek anyklanmadyk partlama boldy.  

Ozal 3 bombaly pakediň tapylan şäherdäki bu partlamanyň ozalky hüjümler bilen arabaglanşykly bolup biljekdigi habar berildi.

Şäherde ýaşaýan adamlara şübhe astynda bolan paketleri açmazlyklary barada duýduryş beren Ostin şäheriniň Polisiýa gullugynyň şefi Braýan Manleý: “Bombaly paketler ellenmese we açylmasa partlamaýar” diýip mälim etdi.

Manleý partlamanyň bolan etrapçadaky ýaşaýjylara öýlerinden çykmazlyklaryny isledi.

Partlamada ýaralanan 20 ýaşyndaky iki ýaş oglan hassahanada bejergi astyna alyndy.

Lukmanlar ýaralanan ýaşlaryň saglyk ýagdaýlarynyň kadalydygyny habar berdi.


Etiketkalar: #ABŞ , #Tehas , #ştat , #Ostin , #şäher , #partlama

Degişli Habarlar