Arakçi; “ABŞ ýadro ylalaşygyndan çyksa, bizem çykarys”

Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Arakçi ABŞ ýadro ylalaşygyndan çekilen halatynda özleriniň hem şeýle çemeleşjekdiklerini aýtdy

929821
Arakçi; “ABŞ ýadro ylalaşygyndan çyksa, bizem çykarys”

Eýranyň “İSNA” habarlar gullugynyň habar bermegine görä paýtagt Tähranda geçirilen Milli howpsyzlyk maslahatynda çykyş eden Arakçi, ABŞ-da Döwlet Sekretary Reks Tillersonyň ýerine Eýrana garşy durmakda tanalýan Merkezi razwedka gullugynyň başlygy Maýk Pompeonyň bellenmegi barada: “ABŞ-da döwlet sekretarlygynda edilen çalşyk onuň ýadro ylalaşygyndan çekilmek baradaky egilşilsizligini görkezýär” diýdi.

Ýewropa ýurtlarynyň ABŞ-ny ylalaşykda galmaga synanşýandyklaryny beýan eden Arakçi; “ABŞ ýadro ylalaşygyndan çyksa, bizem çykarys” diýdi.

Arakçi, ylalaşykdan çykmasa hem resmi Waşingtonyň Eýrana edýän basyşlarynyň aýrylmajakdygyny aýtdy.


Etiketkalar: #Eýran , #ABŞ , #ISNA , #Ýewropa

Degişli Habarlar