ABŞ Ýewropa bilen söwda päsgelçilikleriniň ortadan aýrylmagy üçin gepleşikler geçirer

ABŞ-nyň Söwda ministri Wilbir Ross Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri bilen söwda päsgelçilikleriniň ortadan aýrylmagy üçin gepleşikler geçirer

928545
ABŞ Ýewropa bilen söwda päsgelçilikleriniň ortadan aýrylmagy üçin gepleşikler geçirer

Amerikanyň Prezidenti Donald Tramp özüniň Twitter hasabyndan ÝB-na agza ýurtlaryň goýan gümrük tariflaryny we beýleki söwda päsgelçiliklerini ortadan aýyrmak maksady bilen gepleşikleriň geçiriljekdigini habar berdi.

ÝB-niň söwda barýerleriniň adalatly bolmandygyny aýdan Tramp: “Söwda ministrimiz Wilbur Ross ÝB resmileri bilen ABŞ-e garşy ulanýan ýokary tarifler we barýerleri aýyrmak babatynda duşuşyklar geçirer. Daýhanlarymyza we öndürijilerimize adalatly däl” diýdi.


Etiketkalar: #ABŞ , #ÝB , #Donald Tramp

Degişli Habarlar