ABŞ-da dik uçaryň derýa gaçmagy netijesinde 5 adam ýogaldy

ABŞ-nyň Nýu Ýork şäherinde dik uçaryň derýa gaçmagy netijesinde 5 adam ýogaldy

927544
ABŞ-da dik uçaryň derýa gaçmagy netijesinde 5 adam ýogaldy

Federal Awiasiýa gullugyndan berlen beýanata görä,  6 adamy alyp barýan dik uçar Roosewelt adasynyň demirgazygyndaky Gündogar derýa gaçdy

Dik uçardaky 5 ýolagçydan ikisiniň wakanyň bolan ýerinde, agyr ýaralanan 3 ýolagçynyň hem hassahanada ýogaldygy nygtaldy.

Dik uçaryň uçarmanynyň bolsa halas bolandygy nygtaldy.

 

 

 



Degişli Habarlar