BMG “Siriýanyň hökümeti Gündogar Gutada harby jenaýat edýär”

BMG Başar Asada bagly güýçleriň Siriýanyň Gündogar Guta etrabynda asuda ilata garşy himiki ýarag ulanmak we halky açlyga sezewar etmek ýaly ençeme herby jenaýat edýändigini habar berdi

924096
BMG “Siriýanyň hökümeti Gündogar Gutada harby jenaýat edýär”

ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we howpsyzlyk syýasatynyň Ýokary wekili Federika Mogerini we ÝB Komissiýasynyň Ynsanperwer kömek we krizis dolanşygynyň agzasy Kristos Stylianides tarapyndan berilen umumy ýzmaça beýanatda 24-nji fewralda BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň Siriýadaky taraplara 30 günlik möhlet bilen od açmazlyk barada çagyryş berendigi ýatladylyp, şonuň bilen bagly meýdanda açyk bir özgeriş görmändikleri bellendi.

Asada bagly güýçleriň we hyzmatdaşlarynyň sebite iberilen ynsanperwer kömekleri hem nyşana alandygy aýdylýan beýanatda: “Siriýanyň halkyny açlyga sezewar edýän we asuda ilaty bombalaýan bu gabaw harby jenaýat hökmünde häsýetlendirilip biliner. Günäkärler eden işlerine jogap bererler. Şol sebäpli BMG-nyň mesele bilen baglanşykly derňew işiniň başladylmagyna doly goldaw berýäris” diýildi.


Etiketkalar: #ÝB , #Gündogar Guta , #jenaýat

Degişli Habarlar