BMG-nyň ynsanperwer kömek kerweni Gündogar Guta girip bilmedi

BMG tarapyndan mesele barasynda heniz hiç hili beýanat berilmedi

923207
BMG-nyň ynsanperwer kömek kerweni Gündogar Guta girip bilmedi

 

BMG-nyň ynsanperwer kömek kerweni Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň hüjümleri sebäpli Gündogar Guta girip bilmedi.

Anadoly habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, 46 ulaglyk ynsanperwer kömek kerweni gözegçilik merkezine çenli bardy emma Asada tabynlykdaky güýçleriň harby uçarlarynyň hüjümleri sebäpli Duma etrabyna girip bilmedi.

BMG tarapyndan mesele barasynda heniz hiç hili beýanat berilmedi.

BMG tarapyndan Duma etrabynyň başda durmagynda Gündogar Gutada ýaşaýan 180 müň adam üçin ynsanperwer kömegi ugradylypdy.

Gündogar Gutada soňky iki hepde-de guralan hüjümlerde asuda ilatdan 756 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar