Russiýa Gündogar Gutada başdan geçirilýän soňky wakalar bilen bagly beýanat berdi

Russiýanyň Siriýadaky ylalaşdyrma merkeziniň resmilerinden Wladimir Zolotuhin Siriýanyň paýtagty Damaska degişli Gündogar Guta etrabyndaky bikanun ýaragly toparlaryň sebitde köçä çykmak gadagançylygyny yglan edendigini habar berdi

922419
Russiýa Gündogar Gutada başdan geçirilýän soňky wakalar bilen bagly beýanat berdi

Russiýanyň 27-nji fewraldan başlap Ynsanperwer arakesme gollanmasyna başlan Gündogar Gutadaky soňky wakalar barada beýanat beren Zolotuhin bikanun ýaragly toparlaryň ynsanperwer arakesmäniň dowamynda sebitde köçä çykmak gadagançylygyny getirendiklerini we bir ýere üýşmegi gadagan edendiklerini, şol sebäpli 5 günde diňe 2 çaganyň sebitde çykarylyp bilinendigini habar berdi.

Zolotuhin: “Siriýa tarapyndan alan maglumatymyza görä Gündogar Gutadaky bikanun eli ýaragly toparlar ýerli halk üçin Ynsanperwer arakesmäniň dowamynda köçä çykmak gadagançylygyny getirdiler. Ol ýaragly toparlar tarapyndan yglan edilen köçä çykmak gadagançylygynyň düzgünlerini bozan asuda ilat bolsa adamlara açyk ýagdaýda jezalandyrylýar” diýdi.

Zolotuhin asuda ilatyň ynsanperwer koridoryň üsti bilen gaçmaklarynyň öňüni almak üçin Gündogar Gutada bir ýere üýşmek gadagançylygynyň hem yglan edilendigini habar berdi.



Degişli Habarlar