Russiýa Howpsyzlyk geňeşine Gündogar Gutadaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin çagyryş berdi

“Gündogar Gutadaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin Howpsyzlyk geňeşiniň gyssagly jemlenişmegini isleýäris”

915985
Russiýa Howpsyzlyk geňeşine Gündogar Gutadaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin çagyryş berdi

Russiýanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Wasiliý Nebenzya BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşine Siriýanyň paýtagty Damaskyň Gündogar Guta etrabynda başdan geçirilýän wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin jemlenişmek barada çagyryş berdi.

Nebenzya BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde geçirlen halkara parahatçylygyň we howpsyzlygyň goralmagy temaly oturlyşykda eden çykyşynda Baş sekretar Antoniu Guterreşiň hem-de howpsyzlyk geňeşine agza ýurtlaryň Gündogar Guta meselesindäki aladalaryny gürrüň berdi.

Nebenzya “Gündogar Gutadaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin Howpsyzlyk geňeşiniň gyssagly jemlenişmegini isleýäris” diýdi.

 



Degişli Habarlar