Russiýanyň lideri Putin Saud Arabystanynyň Şasy Selman Bin Abdulaziz bilen söhbetdeş boldy

Russiýanyň Döwlet başlygy Wladimir Putin bilen Saud Arabystanynyň Şasy Selman Bin Abdulaziz telefon arkaly söhbetdeş boldy

911023
Russiýanyň lideri Putin Saud Arabystanynyň Şasy Selman Bin Abdulaziz bilen söhbetdeş boldy

Kremliň Metbugat merkezinden berilen beýanatda Soçide geçirilen Milli Dialog kongresinden soň Siriýadaky wakalary ara alyp maslahatlaşan Putin we Şa Selmanyň telefon söhbetdeşliginde Pars Aýlagy ýurtlaryndaky soňky hadysalary hem ele alandyklary habar berildi.

Telefon söhbetdeşliginde Şa Selmanyň Katar we käbir beýleki ýurtlar bilen bolan gatnaşyklarynyň üstünde durup geçendigi bellenen beýanatda Wladimir Putiniň sebitdäki krizisiň terrora garşy berilýän umumy göreşe we Ýakyn Gündogaryň asudalygyna peýda getirmejekdigini aýdandygy nygtaldy.

Beýanatda mundan başgada Putiniň we Şa Selmanyň energetika, harby-tehnika we söwda ugurlarynda Russiýa bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň artyp, dowam etmegi babatynda pikirdeşdigi bellendi.



Degişli Habarlar