Ýaponiýada harby dik uçar ýere gaçdy

“Kýodo” habarlar gullugynyň habar bermegine görä Saga welaýatynyň Kanzaki şäherinde iki ekipahžly harby dik uçar bir öýüň üssüne gaçdy

904080
Ýaponiýada harby dik uçar ýere gaçdy

Wakanyň bolan ýerinde derňew işini geçiren topar dik uçaryň gaçan öýüniň ýanandygyny, emma öýde hiç kimiň bolmandygyny habar berdi.

Goranmak ministri Ytsunori Onodera hem metbugata beren beýanatynda; “Heläkçilikde çekilen ýitgi boýunça derňew işini alyp barýarys” diýdi.

Ekipažyň käbir kynçylyklaryň ýüze çykandygyny aragatnaşyk diňine habar berenden soň gonmaga synanşandygyny aýdan Onodera, dik uçaryň howa gatnaw gözegçiligi bilen aragatnaşygyny ýitirmeginden soň dikliğine gaçandygyny nygtady.

Premýer ministr Şinzo Abe howpsyzlyk barlagy üçin sebite 12 dik uçar ugratdy.



Degişli Habarlar