Terror guramasy PÝD/PKK asuda ilaty nyşana almaga dowam edýär

PÝD/PKK-nyň Azez etrabynda bazar ýerine atan raketasy sebäpli 1-i agyr 4 adam ýaralandy

902823
Terror guramasy PÝD/PKK asuda ilaty nyşana almaga dowam edýär

 

Terror guramasy PÝD/PKK-nyň Afrinden Siriýanyň Türkiýe serhedindäki Azez etrabynda bazar ýerine atan raketasy sebäpli 1-i agyr 4 adam ýaralandy.

Azez Ehli hassahanasynyň ýolbaşçysy Juma Rahhal raketa hüjüminde ýaralananlardan biriniň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy.

Rahhal hüjümde ýaralananlaryň bejeriş astyna alynandygyny nygtady.

PÝD/PKK Afrinden Azeze ýygy-ýygydan hüjüm guraýar.

Afrindäki gurama Ýefrat galkany zolagyna we Idlibdäki çaknyşyksyz zolaga hem wehim salýar.

PÝD/PKK Türk ýaragly güýçleriniň Azat Siriýa goşuny bilen birlikde geçirýän Zeýtun şahajygy operasiýasyna garşy Azezi, Kilisi, we Hataýyň Reýhanly etrabyny nyşana alýar.

Türk ýaragly güýçleri bilen Azat Siriýa goşuny 20-njy ýanwarda başlan operasiýalarynyň çäginde 30 ýeri terrorçylardan saplady.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar