Siriýa Milli dialog kongresi öz işini tamamlady

Russiýanyň Soçi şäherinde geçirilen Siriýa Milli dialog kongresinde Siriýanyň özygtyýarlygyna we territorial bütewiligine bagly bolmak barada ýüzlenme berildi

900230
Siriýa Milli dialog kongresi öz işini tamamlady

Maslahatdan soň çap edilen umumy jarnamada: "Siriýanyň halky öz gelejegine saýlawlar arkaly karar bermeli" diýildi. 

Maslahata gatnaşýanlaryň syýasy çözgüt üçin edilmeli işleri ele alandygy bellenen umumy jarnamada mundan başgada: "Siriýanyň goşunynyň goralmagy we Siriýanyň serhetlerini goramak, daşary ýurt güýçlere we terrora garşy göreş üçin wezipäni dowam etdirmek gerek" diýilip nygtalyp, "Etniki gelip çykyşyna we dini messebine garamazdan bütin Siriýa deňdir" diýildi. 

Kongrese gatnaşyjylar Siriýanyň häzirki konstitutsiýasyna üýtgeşiklikler girizmek üçin 150 agzaly komitediň döredilendigini belläp, ýurtda 7 ýyldan wagt bäri dowam edýän söweşiň bes edilmegi üçin saýlawlaryň geçirilmegi bababatynda bir pikirdeşdiklerini beýan etdiler. 


Etiketkalar: #maslahat , #kongres , #Soçi

Degişli Habarlar