Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň Premýer ministri Barzani Eýrana sapar gurar

Saparyň çäginde sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar ara alnyp maslahatlaşylar

892802
Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň Premýer ministri  Barzani Eýrana sapar gurar

Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň Premýer ministri Neçirwan Barzani Eýrana sapar gurar.

Eýranyň Erbildäki konsullygyndan berlen beýanata görä, Neçirwan Barzani Tähranda saparda bolar.

Saparyň çäginde sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar bilen Erbil bilen Bagdadyň arasyndaky krizis we ykdysady meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Beýanatda “Premýer ministr Neçirwan Barzaniniň Tährana gurajak sapary 2017-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirlen bikanun referendumdan we Yragyň Federal kazyýetiniň kararyndan soň Yragyň Kürt Awtanomiýasyndan Eýrana guraljak ilkinji resmi sapar bolar”diýildi.

 



Degişli Habarlar