Marokko bilen Ispaniýa ýadro energiýa pudagy boýunça hyzmatdaşlyk eder

Marokko bilen Ispaniýa ýadro energiýa pudagy boýunça hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy

892306
Marokko bilen Ispaniýa ýadro energiýa pudagy boýunça hyzmatdaşlyk eder

Marokkonyň ýadro howpsyzlyk gullugyndan berlen ýazmaça beýanatda Marokko bilen İspaniýanyň ýadro howpsyzlyk geňeşiniň arasynda duşenbe güni hyzmatdaşlyk şertnamasynyň baglaşylandygy nygtaldy.

Beýanatda şertnamanyň iki ýurduň arasynda ýadro tehnalogiýa hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini we iki ýurduň hünärmenleriň arasynda maglumat çalşygyny öz içine alýandygy bellenildi.

Ýurda gerek bolan energiýa serişdeleriniň 94,5 göterimini import edýän Marokko bu ugurda öz energiýa serişdelerini öndürmek üçin uly taslamalaryň üstünde işleýär



Degişli Habarlar