Boko Haramyň Nigeriýada guran hüjümlerinde 12 adam ýogaldy

Wakada şeýle hem 48 adam ýaralandy

890952
Boko Haramyň Nigeriýada guran hüjümlerinde 12 adam ýogaldy

Nigeriýada terror guramasy Boko Haramyň guran 2 aýry hüjüminde 12 adam ýogaldy, 48 adam ýaralandy.

Içeri işler müdürliginiň ýokary derejeli resmisi Damian Çukwu hüjümiň ýurdyň demirgazyk-gündogaryndaky Maiduguri welaýatynyň Alai Fadaudaky bazar ýerinde guralandygyny we sebite howpsyzlyk güýçleriniň iberilendigini habar berdi.

Terror guramasynyň hüjümleri we çaknyşyklar sebäpli ýüz müňlerçe adam howpsyz ýerlere göçmäge mejbur boldy.



Degişli Habarlar