BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi tarapyndan 7 ýyl soň Owganystana sapar guralar

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň adyndan 7 ýyl soň Owganystana sapar guralmagy meýilleşdirilýär

886909
BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi tarapyndan 7 ýyl soň Owganystana sapar guralar

 

Ýanwar aýynda BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň döwürleýin ýolbaşçylygyny öz üstüne alan Gazagystanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Kairat Umarow žurnalistlere beren beýanatynda BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň adyndan söweş sebäpli ýitgi çeken Owganystanda başdan geçirilýän wakalary ýakyndan görmek üçin Owganystana sapar guramagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň adyndan 7 ýyldan bäri Owganystana sapar guralmandygyny aýdan Umarow, saparyň owgan halkyna goldaw berýändiklerini görkezmegi we owgan hökümetiniň ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirmegi maksat edinýändigini belledi.

Umarow saparyň guraljak wagty barada bolsa maglumat bermedi.

 



Degişli Habarlar