Tramp ABŞ-nyň adyndan 18 ýyl soň prezident derejesinde Dawosa gatnaşar

Tramp Dawosda geçiriljek Bütin dünýä ykdysadyýet forumyna gatnaşar

885282
Tramp ABŞ-nyň adyndan 18 ýyl soň prezident derejesinde Dawosa gatnaşar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Şweýsariýanyň Dawos şäherçesinde geçiriljek Bütin dünýä ykdysadyýet forumyna gatnaşar.

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Sarah Sanders Trampyň ykdysadyýet forumynda ABŞ-nyň önümçilik senagatyny, kärhanalaryny we işçilerini güýçlendirmek üçin alyp barýan syýasatlaryny gürrüň bermegi meýilleşdirýändigini aýtdy.

Dawosdaky Bütin dünýä ykdysadyýet forumy ýanwar aýynyň 23-26-sy aralygynda geçiriljek.

Dawosa ABŞ-nyň Prezidenti hökmünde soňky gezek 2000-njy ýylda Bill Klinton gatnaşypdy.

Trampdan ozalky prezidentler Jorj Buş bilen Barak Obama bolsa wekiliýet ugratmak bilen çäklenipdi.

 


Etiketkalar: #Donald Tramp , #ABŞ , #Dawos , #forum

Degişli Habarlar