Yrak Türkmen frondynyň ýolbaşçysy Abdulmaksut ýaragly hüjümde ýogaldy

“Yrak Türkmen frondynyň harby zolagyndan jogapkär ýolbaşçysy Alaattin Abdulmaksut ýaragly hüjümde öldürildi”

880615
Yrak Türkmen frondynyň ýolbaşçysy  Abdulmaksut ýaragly hüjümde ýogaldy

 

Yragyň Kerkuk şäherinde Yrak Türkmen frondynyň harby zolagyndan jogapkär ýolbaşçysy Alaattin Abdulmaksut ýaragly hüjümde ýogaldy.

Kerkugyň içeri işler müdürliginiň metbugat sekretary Afrasýaw Kamil mesele hakynda beren beýanatynda “Yrak Türkmen frondynyň harby zolagyndan jogapkär ýolbaşçysy Alaattin Abdulmaksut ýaragly hüjümde öldürildi” diýdi.

Kamil “Şaýatlaryň aýtmagyna görä Alaattin Abdulmaksuda ulaglaryndan düşen terrorçylar tarapyndan ot açylypdyr” diýdi.



Degişli Habarlar