Ozalky futbolçy prezident boldy

Liberiýada geçirlen prezident saýlawynda ozalky meşhur futbolçy George Weah üstünlik gazandy

878043
Ozalky futbolçy prezident boldy

 

Günbatar Afrikada ýurdy Liberiýada geçirlen prezident saýlawynda ozalky meşhur futbolçy George Weah üstünlik gazandy.

Bellige alynan 2,1 million saýlawçysy bolan Liberiýada 26-njy dekabrda prezident saýlawynyň ikinji tapgyry geçirildi.

Liberiýanyň Milli saýlaw komissiýasynyň başlygy Karkoýa saýlawyň netijeleri hakynda beren beýanatynda George Weahiň sesleriň 61,5 göterimini, ozalky Wise-prezident Joseph Nýumah Boakainiň bolsa sesleriň 38,5 göterimini alandygyny mälim etdi.

Saýlawyň netijeleriniň belli bolmagyndan soň Weahyň tarapdalary köçä çykyp ýeňişlerini gutlady.

1981-nji ýylda futbol oýnamaga başkan Weah 60 gezek Liberiýaniň milli ýygyndy futbol komandasynyň fromasyny geýdi.

Weah 1994-195-nji ýyllarda Pariž Sain –Germain komandasynda 96 bäsleşikde 32 gol geçirip UEFA Çempionlar ligasynda adyny altyn harplar bilen ýazdyrdy.

 



Degişli Habarlar