Lawrow: “Bizde Al Nusranyň daşary ýurtlardan kömek alýandygyny görkezýän görkezijiler bar”

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow özkerinde Al Nusra Frontunyň daşary ýurtlardan kömek alýandygyny görkezýän görkezijileriň bardygyny aýtdy

876948
Lawrow: “Bizde Al Nusranyň daşary ýurtlardan kömek alýandygyny görkezýän görkezijiler bar”

“Siriýanyň Geljegi” atly oppozision hereketiň lideri Ahmet Jarba bilen duşuşandan soň beýannama beren Lawrow: “Al Nusra göreşini dowam etdirýär. Bizde bar bolan görkezijilere görä gura daşary ýurtlardan kömek alýar” diýdi.

İndi terrorçylyga garşy göreşdäki esasy borjun Al Nusrany ýeňmekdigini nygtan Lawrow, Siriýanyň harby goşunynyň we hyzmatdaşlarynyň Russiýanyň goldaw bermeginde Nusranyň agzalaryna basyş edýandigini aýtdy.

DAİŞ-iň Siriýadaky ýagdaýy barada hem durup geçen Lawrow gurama agyr zarba urulandygyny we Siriýadaky esasy göreşiň gutarandygyny nygtady.

Sergeý Lawrow: “Siriýada şertler kadalaşýar. DAİŞ-e agyr zarba uruldy. Söweşden gaçan käbir başbozarlar Siriýada ýaňadandan ýygnanşmaga ýa-da daşary ýurtlara gaçmaga synanşýan hem bolsa, esasy göreşiň gutarandygy äşgär” diýdi.

Lawrow siriýalylaryň we siriýaly radikal liderleriň Milli Dialog maslahatyna uly goldaw berýändigini aýtdy.

Lawrow Ženewadaky gepleşiklere gatnaşan Siriýanyň daşary ýurtlardaky oppozisionerleriniň wekilleriniň Soçi şäherine çagyrylandygyny hem sözleriniň üstüne goşdy.



Degişli Habarlar